Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

04.06.2025, 08:512,893

3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi.
Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.