Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy

16.11.2025, 13:251,982

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Hususan-da, Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýu, Müsür Arap Respublikasynyň daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelatti hem-de Marokko Patyşalygynyň daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Burita bilen gepleşdi.
Telefon söhbetdeşlikleriniň barşynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine garaldy.
Şeýle hem 
taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.