Çehiýada altyn hazyna tapan syýahatçylara uly pul sylagy berler

22.04.2026, 11:297,545

Çehiýada altyn teňňelerden we gymmat bahaly şaý-seplerden ybarat hazynany tapan iki syýahatçy, takmynan 11,7 million kron (563 müň dollara golaý) möçberinde pul sylagyny alar. Bu barada Radio Prague habar berýär.

​Täsin tapyndy ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Podkrkonoşi daglyk sebitinde gezelenç wagtynda ýüze çykaryldy. Gymmatlyklaryň umumy agramy 7 kilograma golaýdyr. Syýahatçylar hazynany tapan dessine ony döwlet muzeýine gowşurdylar. Ýurduň medeni mirasy goramak baradaky kanunçylygyna laýyklykda, olara tapyldynyň bahasynyň belli bir bölegi sylag hökmünde tölener.

​Hazynanyň düzüminde 598 sany, agramly bölegi ýokary probaly altyndan ýasalan teňňeler, 30-dan gowrak gymmat bahaly täsin şaý-sepler we temmäki gutulary bar.

​Hünärmenleriň geçiren ilkinji barlaglaryna görä, teňňeleriň köpüsi Fransiýada zikgelenipdir. Şeýle-de hazynanyň içinde Awstro-Wengriýa, Belgiýa we Osman imperiýasyna degişli nusgalar hem bar. Bu bolsa hazynanyň dürli wagtlarda birnäçe ýurtlardan ýygnalandygyny görkezýär.

​Häzirki wagtda arheologlar we taryhçylar bu hazynanyň daglyk sebite nähili ýagdaýda düşendigini öwrenýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.