Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

22.04.2026, 09:4311,124

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we hiline nägilelik bildirdi.

Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we şäheriň häkimi Gülşat Mämmedowa gatnaşdy.

Maslahatda işleriň depginine, hususan-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň we Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygyna seredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy işleriň häzirki ýagdaýyna nägilelik bildirip, ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtyň dowamynda düzetmegi tabşyrdy. Şaýoluň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek we ony ýakyn wagtda ulanmaga bermek wezipesi goýuldy.

Şeýle hem «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ekologik ýagdaýa we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygy görkezildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.