Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

26.04.2026, 16:035,730

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy.

​Bu köpri Korkeasaari we Kruunuwuorenranta etraplaryny birleşdirýär. Desga diňe pyýadalar, welosipedçiler we jemgyýetçilik ulaglary üçin niýetlenendir. Onuň üstünden awtoulaglaryň geçmegi göz öňünde tutulmadyk.

​Bu desga Kruunuwuorenranta etrabyndan şäheriň merkezine çenli bolan aralygy 11 kilometrden 5,5 kilometre çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

​Şäheriň häkimi Daniýel Sazonow: «Kruunuvuorensilta köprüsi — Helsinkiniň täze, özboluşly we göze gelüwli ýeridir. Bu desga ýakyn we uzak ýerlerden gelýän myhmanlary özüne çekjek nokada öwrüler. Täze köpri biziň Helsinki baradaky düşünjämizi düýbünden üýtgedýär» diýip belledi.

​Şäherde soňky wagtlarda başga-da birnäçe desgalar açyldy. Olardan Ýurýonkatu ýüzüş zaly, däp bolan tomusky öýjagazy bolan Seurasaari açyk asman astyndaky muzeýi, şeýle-de Merkezi wokzalda «Taulu» restoranyny bellemek bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.