Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň birnäçe atşynaslaryna hormatly atlary dakdy

24.04.2026, 10:074,800

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama 23-nji aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Permana laýyklykda, bu hormatly at dünýäde ahalteke bedewleriniň şöhratyny dabaralandyrmaga, atçylygy ösdürmäge, atlaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamaga hem-de kämilleşdirmäge goşan goşantlary, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmeti we hünär ussatlygy üçin şu aşakdakylara dakyldy:

  • «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjow;
  • hususy atşynas Ataberdi Borjakow;
  • Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimow;
  • Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradow;
  • Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepow.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.