Aşa yssy we futbol sebäpli Meksikada okuw ýyly 40 gün ir tamamlanar

09.05.2026, 15:036,559

Meksikada aşa yssy howa we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilmegi sebäpli okuw ýyly adatdakysyndan 40 gün ir tamamlanar. Bu barada ýurduň Döwlet bilimi ministrligi habar berdi.

Mekdeplerde sapaklar 15-nji iýulyň deregine 5-nji iýunda tamamlanar. Bilim edaralaryndaky administratiw işler bolsa 12-nji iýuna çenli gutarmaly.

«Okuw meýilnamasynda bellenilen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem ähli talyplaryň akademiki ýetişigi kepillendiriler» – diýip, bilim ministri Mario Delgado belledi.

Mugallymlar 10-njy awgustda işe dolanar. 17–28-nji awgust aralygynda mekdeplerde okuwçylaryň bilimlerini berkitmek boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Täze okuw ýyly bolsa 31-nji awgustda başlar.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda üç ýurtda we 16 şäherde geçiriler. Meksikada oýunlary Mehiko, Gwadalahara we Monterrreý şäherleri kabul eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.