Niderlandlarda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça ýaryş geçiriler

Şu gün, 10:271

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda Atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler. Bu çäräniň taýýarlyk işlerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi.

Ýewropa meýdançasynda ilkinji gezek guralýan bu giň gerimli çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atlary assosiasiýasy çykyş edýär.

Gözellik bäsleşigi we ýaryşlar bilen bir hatarda, meýilnama laýyklykda ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we dünýäde wagyz etmek meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle-de türkmen medeniýetine, senetçiligine we däp-dessurlaryna bagyşlanan sergi hem guralar.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýewiň habar bermegine görä, sergide döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýörite bölümleri hereket eder. Ol ýerde geljek myhmanlara atçylyk ulgamynda gazanylan üstünlikler, seçgi işleri we atlaryň genofondyny gorap saklamak baradaky materiallar, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler, at esbaplary, suratlar we heýkeller görkeziler.

Şeýle-de, çäräniň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary üçin aýratyn meýdança taýýarlanylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri hem çykyş eder. Niderlandlara ýurduň hökümet we döredijilik wekiliýeti gider.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.