Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi

Şu gün, 14:55722

2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.

HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtalyp, bu gatnaşyklaryň milli zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmäge, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki tarapyň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Duşuşykda HZG bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meseleleriniň Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň gün tertibine girýändigi bellenildi. Ýurduň HZG-niň agzalygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna doly ygrarlydygy tassyklandy.

Taraplar BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslama hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Guramanyň Türkmenistanda öz resmi wekilhanasyny açmak meselesi bilen birlikde, amaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG-niň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) arasyndaky durmuş dialogyny ösdürmäge we zähmet standartlaryny ilerletmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda özara bähbitli bolan ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.