«Raýat, agaç...»: Kanadanyň bir şäheri agaçlary janly jandar hökmünde ykrar etdi we olara hukuk berdi

Şu gün, 05:021,458

Kanadanyň Kwebek welaýatynda ýerleşýän Terras-Wodreý atly kiçijik häkimligi örän täsin we deňi-taýy bolmadyk ekologik ädim ätdi. CTV News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli geňeş agaçlary belli bir hukuklara eýe bolan janly-jandarlar hökmünde ykrar etmek ugrunda biragyzdan ses berdi.

Şeýlelikde, bu häkimlik «Agaçlaryň hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyna» resmi taýdan goşulan Kanadadaky ilkinji sebit boldy.

Bu çözgüt daşyndan diňe bir pelsepewi garaýyş ýaly görünse-de, şäher häkimiýeti munuň häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde dolulygyna amaly ähmiýete eýedigini belleýär. Häkim bu başlangyjyň daşky gurşawy goramak boýunça jemgyýetçilik çekişmeleriniň dowamynda dörändigini düşündirdi. Kanada soňky döwürde aşa gyzgynlyga, guraklyga, güýçli ýagynlara we suw joşgunlaryna has ýygy-ýygydan sezewar bolýar, şonuň üçin hem agaçlara indi resmi taýdan howa howpsuzlygynyň esasy bölegi hökmünde garalýar. Olar köçeleriň gyzgynlygyny peseltmäge kömek edýärler, howany arassalaýarlar, kömürturşy gazyny özlerine siňdirýärler, ýagyn wagtynda suwy saklaýarlar we tebigy köpdürliligi goraýarlar.

Agaçlaryň hukuklarynyň jarnamasy näme?

Bu resminama alymlardan, hukukçylardan, ekologlardan we jemgyýetçilik işgärlerinden ybarat bolan halkara topar tarapyndan döredildi. Onuň esasy maksady – agajyň ynsana berýän peýdasyndan daşgary, özbaşyna bir ýaşaýyş görnüşi hökmünde gadyr-gymmata eýedigini öňe sürmekdir.

Jarnama agaçlaryň ýaşamaga, erkin ösmäge, bütewiligini saklamaga we ýetirilen zeperlerden soň özüni dikeltmäge bolan hukugyny tassyklaýar, şeýle hem olary esassyz ýok edilmekden goraýar. Häzirki wagtda bu resminamanyň halkara kanun güýji ýokdur we ol hukuk taýdan berkidilen däldir. Şeýle-de bolsa, ol bütin dünýäde ýerli tebigaty goramak programmalyryny taýýarlamakda möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.

Terras-Wodreýiň bu başlangyjy tebigatyň hukuklaryny ykrar etmek boýunça dünýäde ösüp barýan täze ugra doly laýyk gelýär. Şuňa meňzeş kanunlar eýýäm başga ýurtlarda hem hereket edýär. Mysal üçin, Täze Zelandiýada Wonganui derýasyna janly-jandaryň hukugy berildi, Ekwadorda, Kolumbiýada we Hindistanda bolsa derýalar, tokaýlar hem-de goraghanalar barada uly çözgütler kabul edildi. Kwebegiň özünde-de öň Magpi derýasyna aýratyn hukuk derejesi berlipdi, indi bolsa bu tejribe ilkinji gezek şäherdäki agaçlara hem degişli edildi.

Şeýle üýtgeşmeleri häzirki zaman ylmy hem goldaýar. Soňky onlarça ýyllaryň barlaglary agaçlaryň kökleriň we kömelejikleriň ýerasty ulgamy – ýagny «tokaý interneti» arkaly özara habarlaşýandyklaryny tassyklaýar. Bu ulgam arkaly olar iýmitlik maddalary paýlaşýarlar we töwerekdäki agaçlara guraklyk ýa-da zyýanly mör-möjekler ýaly howplar barada duýdurýarlar. Alymlar ösümliklerde edil adamyňky ýaly aň-düşünjäniň bardygyny öňe sürmeseler-de, bu ýagdaý tokaý ekoulgamlarynyň çylşyrymly we özara baglanyşan gurluşynyň bardygyny subut edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.