Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Şu hepde welaýatlarda we paýtagtymyzda az-kem bulutly hem-de yssy howanyň bolmagyna garaşylýar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda bolsa +30... +35 gradus bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda bolsa üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howanyň temperaturasy gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýaty boýunça az-kem bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howanyň temperaturasy gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Aşgabat şäherinde az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +39 gradusdan +40... +42 gradus aralygynda yssy bolar.