Toyota we BMW galyndylardan alnan ýangyjy synag edip başlady

31.07.2026, 19:271,988
1 / 2

Toyota we BMW kompaniýalary gaýtadan dikeldilýän ýangyçda işleýän awtoulaglary synag etmek boýunça bilelikdäki taslamasyny yglan etdiler.

Ýakyn alty aýyň dowamynda Ispaniýada galyndylardan we beýleki gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndürilen benzin bilen işleýän awtoulaglar parky synag ediler.

Ýangyç üpjün edijisi hökmünde Repsol kompaniýasy çykyş eder. Synagyň barşynda hyzmatdaşlar awtoulaglara ýangyç guýýan beketleriň eýýäm bar bolan ulgamyny ulanmak bilen, şeýle ýangyjy gündelik awtoulag ulanyşynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerine baha bermegi maksat edinýärler.

Ýangyjyň hyzmat möhletine — AÝGS-lere iberilmeginden başlap, awtoulagda ulanylýança çenli döwrüne— gözegçilik etmek işini Bosch tarapyndan işlenip düzülen sanly ulgam üpjün eder. Ol şeýle hem gündelik ulanyş şertlerinde ýangyjyň hakyky sarp edilişini bellige alar. Alnan maglumatlar geljekki derňewler üçin esas bolar.

Synaglaryň netijeleri boýunça kompaniýalar sintetiki gaýtadan dikeldilýän ýangyjyň ulaglaryň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmakda näderejede täsirli boljakdygyny kesgitlemäge garaşýarlar. Taslama gatnaşyjylaryň pikiriçe, ol Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda zyýanly zyňyndylary azaltmagyň esasy usuly hökmünde garalýan elektrikleşdirilmä alternatiwa bolup biler.

Munuň bilen birlikde, Toyota beýleki alternatiw energiýa çeşmelerini, hususan-da, häzirki zaman içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri minimal çykdajylar bilen uýgunlaşdyryp boljakdygy çaklanylýan suwuk wodorody hem barlamagy dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.