«Vulture» Holliwudyň täsiri uly 100 režissýoryny atlandyrdy

30.07.2026, 17:102,321
1 / 3

«Vulture» neşiri Holliwudyň täsiri uly 100 režissýorynyň reýtingini neşir etdi. Sanaw düzülende awtorlar režissýorlaryň döredijilik mirasyny, täjirçilik üstünligini, döredijilik erkinligini, pudakdaky abraýyny we geljekki taslamalarynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutdy.

Sanawyň awtorlary häzirki günde Holliwudda, esasan, uly täjirçilik filmleriniň režissýorlary däl-de, eýsem festiwallara we abraýly kino baýraklaryna gönükdirilen awtorlyk kinosynyň režissýorlarynyň has uly täsiri ýetirýändigini belleýär.

Sanawda birinji orny golaýda Gomeriň «Odisseýa» poemasynyň ekran görnüşini hödürlän Kristofer Nolan eýeledi. Neşiriň pikiriçe, režissýor ýokary abraýy, täjirçilik üstünligini we uly göwrümli taslamalary döretmäge bolan ymtylyşy özünde jemleýär.

«Vulture-yň» pikiriçe täsiri uly 10 režissýor:

  1. Kristofer Nolan;
  2. Raýan Kugler;
  3. Deni Wilnýow;
  4. Greta Gerwig;
  5. Kwentin Tarantino;
  6. Jeýms Kemeron;
  7. Stiwen Spilberg;
  8. Martin Skorseze;
  9. Jordan Pil;
  10. Pol Tomas Anderson.

Şeýle hem düzüjiler reýtinge gatnaşyjylary birnäçe kategoriýalara — awtorlyk kinolarynyň režissýorlaryndan başlap, «iň köp isleg bildirilýänler» kategoriýasyna çenli böldi. Soňky kategoriýa Raýan Kugler («Günäliler» / «Грешники»), Greta Gerwig («Barbi») we Jordan Pil («Güm bol» / «Прочь», «Biz» / «Мы») girdi.

Kwentin Tarantinonyň eýeleýän ornuna teswir berip, reýtingiň awtorlary soňky ýylda režissýoryň öz köpçülikleýin çykyşlary sebäpli abraýynyň bir bölegini ýitirendigini belledi.

«Soňky 12 aýyň dowamynda ol ýönekeý bir özüni alasamsyk ýaly alyp barandygy üçin abraýyny bellibir derejede ýitirdi» – diýlip, reýtingde aýdylýar.

Ähtimal, gürrüň Tarantinonyň aktýor Pol Dano hakynda aýdan sözleri barada gidýän bolsa gerek: režissýor ony «dünýäde iň erksiz adam», «ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasyndaky (SAG) iň gowşak bolgusyz aktýor» we Pol Tomas Andersonyň «Nebit» (2007) filminiň «esasy kemçiligi» diýip atlandyrypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.