Robin Ýerian atly 71 ýaşly zenan Tehas ştatynda sap ýalňyz zenanlaryň ýaşamagy üçin niýetlenen «Guş höwürtgesi» (Bird’s Nest) obasynyň düýbüni tutdy. Bu barada The Sun neşiri habar berýär.
Bu üýtgeşik durmuş taslamasy uly ýaşly zenanlaryň arasynda ýalňyzlyk we howpsuzlyk meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Obanyň taryhy 2022-nji ýylda Dallasyň golaýyndaky Kambi şäherçesinde başlandy. Ýerian 35 müň dollara iki gektar ýer satyn aldy, soňra bolsa zerur bolan tok, suw we abatlaýyş işleri üçin ýene-de 150 müň dollar töweregi sarp etdi. Ýer taýýar bolanyndan soň kärendä bermek üçin kiçeňräk öýjagazlaryň 14-siniň binýadyny tutdy.
Häzirlikçe «Guş höwürtgesine» 52 ýaşdan uly bolan 12 aýal «gondy». Obanyň düzüminde maşgalasy bozulanlar, dul galanlar we durmuşa çykmadyk zenanlar hem bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň kärende tölegi aýda 450 dollardan başlanýar, emma göçüp barmak isleýänleriň sany garaşylyşyndan ep-esli köp boldy: diňe geçen ýylyň tomsunda bir boş ýer üçin 500 töweregi dalaşgär ýüz tutdy.

Ýöne puluň bolmagy-da obada ýaşap biljegiňe kepil geçmeýär. Obanyň «höwürtge» edinmek üçin her bir dalaşgär hökmany ýagdaýda söhbetdeşlikden geçmeli we esaslandyryjy, şeýle-de beýleki ýaşaýjylar bilen ýakyndan tanyşmaly. Robin Ýerianyň esasy maksady — özara hormat, howpsuzlyk we rahatlyk şertlerinde bir-birini goldaýan pikirdeş zenanlaryň jemgyýetini emele getirmek.
«Guş höwürtgesinde» durmuş özara arkalaşmak ýörelgelerine esaslanýar. Goňşular bir-biriniň hojalyk işlerine dik durup kömek edýärler, agşam şamyny bilelikde bişirýärler, abatlaýyş işleri geçirilende ýa-da haýsy bolsa-da biri ýarawsyzlyk tapynsa dadyna ýetişýärler, öý haýwanlaryna seretmäge-de ýardam edýärler.