Günorta Koreýanyň hökümeti 4-nji awgustdan başlap, myhmanhana, Restoran we syýahatçylyk pudaklarynda bahalaryň esassyz ýokarlandyrylmagy üçin jogapkärçiligi berkitmegi meýilleşdirýär. Bu barada Maliýe we ykdysadyýet ministrligine salgylanýan Rýonhap agentligi habar berýär.
Syýahatçylygy ösdürmäge ýardam bermek baradaky kanuna girizilýän düzedişler bahalar barada maglumatlary köpçülige ýetirmeýän we baha bellemek düzgünlerini bozýan hanoklaryň — Koreýanyň däp bolan myhman öýleriniň eýelerine garşy has berk çäreleri göz öňünde tutýar. Ilkinji düzgün bozulmalary üçin olaryň işi öňki duýduryşyň оrnuna bäş gün möhlet bilen saklanar. Gaýtalanan ýagdaýynda bu möhlet 10 we 20 güne çenli uzaldylar.
Täze talaplar şäher ýerlerinde daşary ýurtly syýahatçylary ýerleşdirýän öý eýelerine hem degişli bolar. Öň bu derejedäki operatoryň eýelerine beýle jerimeler göz öňünde tutulmandy.
Üýtgeşmeler taksi pudagyna hem täsir eder. Ýol tölegini gala soran taksi sürüjileri ilkinji düzgün bozulmada 30 gün möhlet bilen ygtyýarnamasyndan mahrum ediler. Gaýtalanan ýagdaýynda bu möhlet 60 güne çenli artar, üçünji gezek gaýtalananda bolsa ygtyýarnama doly ýatyrylar.
Mundan başga-da, häkimiýetler syýahatçylyk operatorlary we bazaryň beýleki gatnaşyjylary üçin ýeterlik sebäp bolmazdan sargytlary birtaraplaýyn ýatyrandyklary üçin jerimeleri girizmegi-de göz öňünde tutýarlar.