Angliýanyň tas ýarysy resmi taýdan gurakçylyk zolagy diýlip ykrar edildi

31.07.2026, 09:554,543
1 / 3

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň ýedi sebitini resmi taýdan gurakçylyk zolagy diýip ykrar etdi. Munuň sebäbi yzygiderli ýagyn ýetmezçiligi we ýokary howa temperaturasy boldy diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Daşky gurşawy goramak agentliginiň maglumatlaryna görä, sanawa Gündogar Angliýa, Hartfordşir we London, Temza jülgesi, Hempşir we Waýt adasy, Dewon we Kornuoll, West-Midlends, şeýle hem Dorseti, Somerseti, Wiltşiri we günorta Glosterşiri öz içine alýan Wesseks girdi.

«Gyzgyn we gurak howa häzirki wagtda suwy tebigatyň ony dikeldip biljek tizliginden has çalt ulanýandygymyzy aňladýar» – diýip, Daşky gurşawy goramak agentliginiň suw serişdeleri boýunça direktory hem-de Gurakçylyk boýunça milli toparyň başlygy Helen Weýkhem belledi.

Onuň sözlerine görä, yzygiderli ikinji tomus gurakçylygy daşky gurşaw, ýabany tebigat we ykdysadyýet üçin uzak möhletleýin netijeleri boljak «örän çylşyrymly ýagdaýdyr».

«Biz hemmeleriň howpsuzlykda bolmagyny we gyzgyn howada ýeterlik suw içmegini isleýäris, ýöne tygşytlap biljek her bir damjamyz — bu tebigat we oba hojalygy üçin bir damjadyr» – diýip, Weýkhem sözüniň üstüne goşdy.

Iýul aýynyň meteorologik gözegçilikleriň taryhynda iň gurak aý bolmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.