Airbus A350-1000ULR ýolagçy uçary Awstraliýanyň Melburn şäherinden Fransiýanyň Tuluza şäherine 24 sagatdan gowrak howada bolup, üznüksiz synag uçuşyny tamamlady. Flightradar24 saýtynyň habaryna görä, uçar resmi däl ýagdaýda täjirçilik awiasiýasy üçin uzaklyk we üznüksiz uçuşyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordlaryny goýdy.
Howa gämisi gündogara tarap uçup, 24 sagat 24 minutda 23 müň kilometrden gowrak ýoly geçdi. Bir hepde öň, şol bir howa gämisi Tuluzadan Melburna tarap ýolda 19 sagat 12 minutlap (16,900 kilometr töweregi) uçupdy, ýöne täze synag üçin uçuşyň ýoly üýtgedildi.
Synaglar Airbus we Qantas Airways kompaniýalarynyň bilelikdäki Project Sunrise atly maksatnamanyň çäginde geçirilýär. Taslamanyň esasy maksady Awstraliýadan Londona we Nýu-Ýorka göni, yzygider uçuşlary ýola goýmakdyr.
A350-1000ULR uçary uçuş aralygy takmynan 18,500 km uzaldylmak bilen döredildi. Ilkinji uçaryň awiakompaniýa aprel aýynda eltilmegine, Sidneý bilen Londonyň arasyndaky ilkinji meýilleşdirilen uçuşyň bolsa 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.