Hindistan Sukerbergden Modiniň wideosynyň öçürilmegi sebäpli ötünç soramagy talap edýär

05.08.2026, 18:065,097

Hindistanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary baradaky parlament komiteti Meta-ny esaslandyryjy Mark Sukerbergden premýer-ministr Narendra Modiniň wideosynyň wagtlaýyn öçürilenligi üçin üç günüň içinde ötünç soramagy talap etdi. Bu barada India Today we News18 neşirleri habar berýär.

Hindistanyň hökümet baştutanynyň «NEET-UG» lukmançylyk synag soragnamalarynyň giň möçberde köpçülige syzdyrylmagyna garşy berk çäre görmegi talap edip, wideoýüzlenme ýazypdy. Onuň paýlaşan wideosy Facebook we Instagram sosial torlaryndan öçürilipdir. Aradan birnäçe sagat geçenden soň wideoýazgy gaýtadan köpçülige çykaryldy.

Meta kompaniýasy bolup geçen ýagdaýy awtomat moderasiýa ulgamynyň tehniki bökdençligi sebäpli ýüze çykanlygyny düşündirdi we munuň üçin eýýäm resmi ýagdaýda ötünç sorapdy.

Parlament komissiýasy wagtlaýyn petiklemäni «demokratiýa edilen hüjüm» diýip häsiýetlendirdi. Eger häkimiýetler kompaniýanyň beren jogabyny ýeterlik hasap etmese, Meta Hindistanyň maglumat tehnologiýalary baradaky kanunynda göz öňünde tutulan «Safe Harbour» derejesinden mahrum edilip bilner. Bu dereje internet-platformalary bellenilen talaplar berjaý edilen ýagdaýynda ulanyjylaryň ýerleşdirýän kontenti üçin jogapkärçilikden boşadýar. Ol derejäniň elden alynmagy bolsa, kompaniýanyň we onuň ýolbaşçylarynyň üstünden raýat we jenaýat işleriniň açylmagyna ýol açyp biler.

Dawa 2,27 milliondan gowrak dalaşgäre täsir eden Hindistanyň bilim pudagyndaky iň uly çökgünligiň netijesinde ýüze çykdy. Geljekki lukmanlar üçin 3-nji maýda geçirilen milli synagyň netijesi ondaky soraglaryň köpçülige syzdyrylmagy we internetde paýlaşylmagy sebäpli doly ýatyryldy. Şunlukda häkimiýetler synagy gaýtadan geçirmek kararyna geldiler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.