SpaceX birža çykanyndan soň ilkinji gezek çärýeklik maliýe hasabatyny neşir etdi.
Ikinji çärýekde kompaniýanyň girdejisi 92% artyp, 7,8 mlrd dollara ýetdi, ýöne kapital çykdajylar alty esseden hem gowrak köpelip, 18,4 mlrd dollar boldy. Bu, esasan, emeli aň infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlar bilen baglanyşykly.
Kompaniýa xAI bilen birleşenden soň, kapital çykdajylaryň, takmynan, 80%-i hut EA infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirildi. Bu çykdajylar analitikleriň çaklamalaryndan ýokary boldy, hasabat çap edilenden soň kompaniýanyň paýnamalary 7,5% arzanlady we birža ýerleşdirilen wagtyndaky bahasyndan 20%-den hem gowrak arzan bolmagynda galýar.
Aerokosmos bölümçesiniň girdejisi 29% artyp, 962 mln dollar boldy, ýöne bu ugur hem ýitgili bolup galdy.
Starlink hemra aragatnaşyk hyzmaty girdejisini 66% artdyryp, 4,3 mlrd dollara ýetirdi, abonentleriň sany bolsa rekord derejede 1,7 mln artdy. Starlink 1,66 milliard dollar möçberinde operasion peýda alyp, kompaniýanyň ýeke-täk düşewüntli biznesi bolmagynda galýar.
EA infrastrukturasy bölümçesiniň girdejisi 247% artyp, 2,6 mlrd dollara ýetdi, ýöne operasion ýitgi 1,26 mlrd dollara barabar. Çärýegiň dowamynda SpaceX bulut hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kärendä almak boýunça 14,1 mlrd dollarlyk şertnamalary baglaşdy.
«Biziň pikirimizçe, Vera Rubin arhitekturasy iň gowusy. Biz ony iň degerli EA-kompýuteri hasaplaýarys hem-de Nvidia bilen dürli derejedäki ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris, şonuň üçinem diňe onuň önümlerini ulanýarys», — diýip, Ilon Mask belleýär.
Çärýegiň netijeleri boýunça SpaceX-iň arassa ýitgisi geçen ýylyň degişli döwründäki 1 milliard dollar bilen deňeşdirilende 541 million dollara çenli azaldy. Kompaniýa 2026-njy ýyly 2 GWt-den gowrak hasaplaýyş kuwwatlygy bilen tamamlamaga we 100 mlrd dollar töweregi ýyllyk girdejä ýetmäge ymtylýar, ýöne Ilon Mask hakyky görkezijiniň has-da ýokary boljakdygyna ynanýar.