Günorta Koreýada soňky 122 ýylda iň yssy howa zerarly ähli döwlet gulluklary aýaga galdyryldy

07.08.2026, 10:4010,697
1 / 3

Günorta Koreýa adatdan daşary yssy howanyň täsiri bilen göreşýär. Keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak agentliginiň (KDCA) berýän maglumatyna görä, agyr howa şertleri sebäpli 21 adamyň aradan çykdy, keselhana ýerleşdirilen adamlaryň umumy sany bolsa 2400-den geçdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

​Ýurduň Prezidenti Li Çže Mýon emele gelen ýagdaýy resmi taýdan «milli heläkçilik» diýip yglan etdi we ilaty goramak üçin hökümetiň ähli bar bolan serişdelerini we mümkinçiliklerini ulanmagy tabşyrdy.

​Güýçli yssa garşy göreşe bagyşlanan mejlisde çykyş edeninde Prezident howpuň düýpli häsiýetini şeýle suratlandyrdy:

​«Ozal hiç haçan başdan geçirip görülmedik, mümkin däl derejedäki yssy günsaýyn dowam edýär. Ozal diňe daşary ýurt habarlarynda okaýan ýagdaýymyz indi öz başymyza-da indi».

Döwlet baştutany ministrliklere we ýerli häkimiýetlere gyzgynlyk gaýdyşýança bar bolan ähli işgärleri we serişdeleri işe girizmegi tabşyrdy. Ilatyň ejiz gatlaklaryny goramaga we zähmet şertlerine gözegçilik etmäge aýratyn üns berilýär, Prezident açyk howada işleýän işgärleriň günüň has gyzýan sagatlarynda dynç almagyna berk gözegçilik edilmegini talap etdi.

​Bu adatdan daşary hadysa penşenbe güni, 6-njy awgustda iň ýokary nokadyna ýetdi. Şol gün ýurduň günorta-gündogaryndaky Ýansan şäherinde termometrleriň sütüni 42,5°C görkezdi. Bu bolsa, Koreýada 1904-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteogözegçilikleriň tutuş taryhynda iň ýokary derejedir.

​Seulda hem temperatura taryhy rekordlara golaýlady. Ýagdaý paýtagtda we onuň töwereklerinde temperaturanyň derejesi 30°C-den aşak düşmeýän «tropiki gijeler» hadysasy bilen has-da çylşyrymlaşýar. Ýokary çyglylyk bilen utgaşyp, «hammam effektini» döredýän bu ýagdaý ýaşaýjylary yssydan gaçyp, gije-gündiz kondisionerli söwda merkezlerinde we metronyň ýerasty stansiýalarynda bukulmaga mejbur edýär.

​Meteorologlar howply yssynyň sebäbini Okinawa tarapdan golaýlaşýan «Delfin» taýfunyndan görýärler. Ol gurak gündogar ýellerini güýçlendirdi, bu ýeller ýarym adanyň dag gerişlerinden geçende tükeniksiz gyzgyn meňzeş akymlara öwrülip, Seuly gurşap alýar.

​Bu zerarly ýüze çykýan meseleler jemgyýetçilik durmuşyna hem öz täsirini ýetirýär: Koreýanyň beýsbol guramasy (KBO) münberde oturan tomaşaçylaryň arasynda huşuny ýitirip ýykylýanlar köpelip başlansoň, henize çenli edilmedik işi edip, çarşenbe we penşenbe günlerine meýilleşdirilen ähli 10 duşuşygy ýatyrmak kararyna geldi.

​KDCA-nyň statistikasyndan çen tutsaň, lukmançylyk kömegini soraýanlaryň köp bölegi yssy zerarly ysgynsyzlyk (61,7%), Gün urmagy (16,8%) we damar çekme (11,5%) ýaly alamatlardan ejir çekýändigini görkezýär. Iň uly töwekgelçilik ýaşy 80-den geçen adamlaryň, şeýle hem kurýerleriň we gurluşykçylaryň başyna düşýär.

​Adamlaryň saglygyna abanýan kynçylyklardan başga-da, ýurduň günorta welaýatlarynda gurakçylyk ýagdaýy hem ýitileşip başlady. Bu sebäpli häkimiýetler derhal oba hojalygyny we mal-garany halas etmek üçin suw daşamak işlerine başladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.