Boeing-iň hem uçary Airbus-dan kem galanok: planetanyň beýleki çetine gonman uçup geçdi

10.08.2026, 22:466,890
1 / 5

«National Airlines» awiakompaniýasyna degişli bolan Boeing 777F kysymly uçar ýük daşaýan söwda gatnawlarynyň arasynda gonman uçmagyň uzaklygy boýunça rekord goýdy. Uçar Şotlandiýanyň Prestwik şäherinden Melburn şäherine çenli gonman, 19 sagat 23 minutda uçup, iň gysga ugur bilen 16 986 kilometr aralygy geçdi.

Bu netije «Airbus A350-1000ULR» uçarynyň ýakynda Tuluza bilen Melburnyň arasynda amala aşyran synag uçuşynyň uzaklygyndan, takmynan, 98 kilometr köpdür. «National Airlines» kompaniýasynyň bu gatnawy synag ýa-da şahadatnamalaşdyryş uçuşy däl-de, ýöne bir adaty täjirçilik ýük gatnawy boldy.

Uçardaky ýüküň möçberi diýseň azdy. Deslapky maglumatlara görä, uçar «General Electric GEnx» hereketlendirijisi üçin ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen bary-ýogy bir poddony alyp gidipdi. Bu ätiýaçlyk şaýlary Melburnda abatlaýyş işleri geçirilýän «Jetstar» awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 uçary niýetlenipdi. Ýüküň mukdarynyň azlygy gonman uçmak üçin has köp ýangyç almaga mümkinçilik berdi.

Emma bu gatnaw uçuş dowamlylygy boýunça rekord goýmady. 2019-njy ýylda «Qantas» awiakompaniýasynyň Boeing 787-9 uçary Londondan Sidneýe tarap 19 sagat 30 minutyň dowamynda synag uçuşyny amala aşyrypdy. Onuň bortunda bolsa 50 ýolagçy bardy.

Bellemeli zat, rekord goýan gatnawy bütünleý täze uçar amala aşyrdy. Bellige alyş nomeri N792CA, seriýa nomeri bolsa MSN 70548 bolan Boeing 777F uçary 2026-njy ýylda gurlup, «National Airlines» kompaniýasynyň garamagyna diňe maý aýynda gelip gowşupdy.

Boeing 777F uçarynyň uçuş aralygy ýüküň agramyna gönüden-göni baglydyr. Çünki peýdaly ýük näçe köp bolsa, uçar şonça-da az ýangyç alar. Onuň iň uzak gonman uçýan aralygy bolsa şonça-da gysgalar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.