Gonkongda ilkinji gezek uçarmansyz howa taksisi synagdan geçirildi

Şu gün, 07:091,835
1 / 6

Gonkongyň Pok Fu Lam kenarýaka sebitindäki Cyberport tehnoparkynda uçarmansyz elektrikli aerotaksi ilkinji gezek köpçüligiň öňünde synagdan geçirildi.

Hytaýyň EHang kompaniýasynyň EHang EH216-S enjamynyň bortunda robot oturdyldy. Aerotaksi 50 metr beýiklige galyp, kenaryň ugry boýunça aýlawly ýoly üstünlikli geçdi we RTK-GPS hemra ulgamynyň hem-de 5G ulgamynyň kömegi bilen gonuş meýdançasynyň merkezine takyk gondy.

Uçuş EHang, Kwoon Chung Bus Holdings operatory we Cyberport tehnoparky tarapyndan bilelikde guraldy.

Aerotaksi iki ýolagçy üçin niýetlenen. Ol 120 metr beýiklikde uçýar we bir zarýadda, takmynan, ýarym sagat işleýär. Tizligi 100 km/sag, uçuş uzaklygy 30 km ýetýär.

Enjam 16 elektromotor bilen üpjün edildi. Hereketlendirijileriň biri ýa-da ikisi hatardan çykan ýagdaýynda-da, aerotaksi uçuşyny dowam etdirer. Fýuzelýažyň ýokarsynda adatdan daşary ýagdaýlarda enjamy howpsuz aşak düşürmäge ukyply paraşýut hem gurnaldy.

Kwoon Chung Bus Holdings operatory eýýäm 9 million dollara şeýle maşynlaryň 30-ysyny sargyt etdi. Olary Central işewürlik zolagyndan Çek Lap Kok howa menziline ýa-da Lantau adasyna çenli göni uçuşlar, ýolagçy we ýük gatnawlary hem-de panorama ekskursiýalary üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa dyknyşyklar sebäpli bir ýarym sagada çekýän ýoly 10–15 minuta çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Gonkongyň häkimiýetleri 2027-nji ýyla çenli agramy 150 kg-den geçýän uçarmansyz enjamlar üçin aýratyn düzgünleri girizmegi meýilleşdirýär.

EHang Holdings kompaniýasynyň EH216-S enjamy dünýäde Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirliginden (CAAC) resmi Görnüş şahadatnamasyny (Type Certificate) we köpçülikleýin önümçilik ygtyýarnamasyny alan dünýäde ilkinji ýolagçy drony boldy.

Aerotaksiniň bahasy Hytaýyň içerki bazarynda, takmynan, 330 000 dollara (2,39 mln ýuan), halkara müşderiler üçin bolsa 410 000 dollara barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.