Dik durup dolandyrylýan uçýan enjam döredildi

Şu gün, 18:501,936

Hytaý startapy CoolFly Co adam tarapyndan dik durup dolandyrylýan Urban atly uçýan enjamy bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu dünýäde şeýle kysymly ilkinji enjam bolup, onuň eýýäm şu ýyldan köpçülikleýin öndürilip başlanmagy meýilleşdirilýär.

Urban diametri, takmynan, 3,5 metr bolan tekiz gül şekilli platformadyr. Onuň çar tarapky “gülýapraklarynda” üsti gorag gözenegi bilen örtülen kanal wentilýatorlary ýerleşdirilen. Merkezinde boýy 1,9 metre, agramy 90 kilograma çenli bolan uçarmana niýetlenen platforma ýerleşýär.

"Öňe ýa-da yza hereket etmek üçin uçarmanyň dolandyryş tutawajyny azajyk gyşartmagy, asmana galmak üçin bolsa düwmä basmagy ýeterlikdir. Uçarmanyň dik ýagdaýda ýerleşmegi, oňa daş-töweregini 360 gradus päsgelçiliksiz görmäge mümkinçilik berýär" diýip,  CoolFly-yň baş direktory Li Weý gürrüň berdi.

Munuň ýaly dolandyryş usulynda esasy mesele adam agramynyň düşýän merkeziniň ýeriniň yzygiderli üýtgemegidir. Bu meseläni çözmek üçin kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňly ulgamy işläp düzdüler. Munda datçikler adamyň we enjamyň ýagdaýyny yzarlaýar, şondan soňra ulgam her bir nurbadyň dartuw güýjüni sazlaýar.

Li Weýiň aýtmagyna görä, Urban-y sürmek öz deňagramlylygyny sazlaýan giroskuteri süren ýalydyr:

«Enjamy dolandyrmagy öwrenmek üçin bary-ýogy 10 minut ýeterlik» diýýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.