KONE korporasiýasy Dubaýdaky Burj Azizi gökdirän binasyny dik ýokary göteriji ulgam bilen üpjün etmekde hyzmatdaş bolar. Diňiň beýikligi 725 metr bolup, onuň liftleriniň biri dünýäde iň uzak aralyga — 631,5 metr beýiklige üznüksiz göteriler.
Burj Azizi üçin KONE korporasiýasy beýikligi bir kilometrden geçýän binalara niýetlenen täze lift tehnologiýalaryny ulanar. Bu ulgamyň esasy bölegi KONE MiniSpace lifti bolar. Ol liftiň rekord derejedäki beýiklige çykmagyny üpjün eder.
Minarada jemi 59 lift we 15 eskalator oturtmak meýilleşdirilýär. Liftleriň hereket tizligi sekuntda 10 metre ýeter.
Ýolagçy akymyny dolandyrmak üçin emeli aň tehnologiýalary bilen işleýän KONE Destination Control System ulgamy ulanylar. Bu ulgam adamlaryň hereket ediş aýratynlyklaryny seljerip, şol wagtky islege görä liftleriň elýeterliligini sazlar. Modelirlemegiň netijelerine görä, iň köp adamly wagtlarda hem bu ulgam garaşmak üçin sarp edilýän wagty, takmynan, 60 göterim azaltmaga mümkinçilik berip biler.
Taslamada UMX göteriji mehanizmleri we KONE UltraRope tehnologiýasy hem ulanylar. Olar lift ulgamynyň esasy bölekleriniň agramyny we ölçeglerini azaldýar, energiýanyň sarp edilişini kemeltmek hem-de materiallary az sarp etmek bilen, has uzak wagtlap ýokary galmaga mümkinçilik berýär.