Daniýada 3D printerde talyplar üçin niýetlenen 36 öý çap edildi

01.09.2026, 15:442,742
1 / 2

Daniýanyň Holstebro şäherinde Skovsporet ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Döredijiler onuň Ýewropada şeýle görnüşdäki iň uly taslamadygyny belleýär. Bu ýerde 3D çap ediş usuly arkaly talyplar üçin 36 sany aýratyn öý guruldy. 

Taslama SAGA Space Architects býurosy, şeýle hem 3DCP we COBOD kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi. Sargyt ediji hökmünde uniwersitet şäherçesi üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen meşgullanýan gurama çykyş etdi.

Öýler alty sany bir gatly binadan ybarat. Olaryň arasynda içki howlular, baglar, pyýada ýodalary we welosiped duralgasy bar. Gurluşyk işleriniň dowamynda owaldan ösüp oturan agaçlaryň 90%-ini saklap galmak başartdy.

Binalaryň esasy diwarlary COBOD BOD3 3D printeri bilen çap edildi. Ol lüle arkaly sementpisint ýörite garyndyny gatma-gat guýdy. Gurluşyk meýdançasynda bu işiň gidişine bir wagtyň özünde diňe üç adam gözegçilik etdi.

Tejribe artdygy saýy, işiň gidişi-de tizleşdi. Ilkinji alty öýli jaý birnäçe hepdäniň dowamynda çap edilen bolsa, şol bir ölçegdäki soňky jaý bäş günde gurlup gutaryldy.

Jaýlar çap edilenden soň janly gurluşykçylar işe girişdiler. Olar üçekleri basyrdylar, penjireleri, gapylary oturtdylar, mebelleri we beýleki elementleri gurnadylar.

Öýleriň meýdany 40-50 inedördül metr aralygynda bolup, onuň her biriniň öz aşhanasy, iş otagy, myhman otagy, hammamy we ýatylýan otagy bar. Köp sanly penjireler we ýagtylyk fonarlary ýeterlik tebigy yşyklandyryşy üpjün edýär.

Tutuş taslamanyň durmuşa geçirilmegine, adaty usulda ýerine ýetirilen işleri hem goşanyňda, 12 aý sarp edildi. Bahym bu öýlere ilkinji talyplar göçüp barmaly. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.