Hytaýda aşyrymy 600 metre ýetýän beton köpri rekordy täzeledi

01.09.2026, 09:575,823
1 / 2

Hytaýyň Guansi sebitinde ýerleşýän Týan-e-Luntan köprüsiniň esasy aşyrymy 600 metre ýetip, dünýä rekordyny täzeledi. Awgust aýynyň ahyrynda bu taslama ylym we tehnika ulgamyndaky gazanan üstünlikleri üçin sebtiň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy.

Köpri Heçi şäheriniň Týan-e etrabynda Huňşuý derýasynyň üstünden geçýär. Onuň merkezi aşyrymy öňki (445 metrlik) dünýä rekordyndan 155 metr uzyn.

Köpriniň awtoulaglar üçin dört gatnaw zolagy bar, umumy uzynlygy bolsa 2 488,55 metre ýetýär. Ol 2024-nji ýylda ulanmaga berildi. Global Times neşiriniň maglumatyna görä, Týan-e-Luntan häzirki wagtda esasy aşyrymynyň uzynlygy boýunça dünýäniň iň uzyn polat-beton köprüsi hasaplanýar.

Şeýle uly gurluşykdaky esasy kynçylyklaryň biri – köpriniň öz agramydyr. Ol umumy ýüküň 90 göteriminden gowragyny emele getirýär. Polat karkasyň daşyndaky beton bolsa bu agramyň ýarysyndan gowragyna deňdir.

Agramy azaltmak üçin inženerler arkanyň dizaýnyny üýtgedip, ulanylýan betonyň mukdaryny azaltdylar. Esasy arka iki sany göteriji gapyrga bölündi, az ýük düşýän bölekleri bolsa aýryldy. Netijede, arkanyň ini 23 metrden 13 metre, beton sarp edilişi bolsa, takmynan, 40 müň kub metrden 28 müň kub metre çenli azaldyldy.

Inženerler betonyň guýluşyna we gurluşda jaýryklaryň emele gelmegine gözegçilik etmegiň täze usullaryny hem işläp düzmeli boldular. Sebäbi beton gataýan wagty temperaturanyň üýtgemegi we içki dartgynlyklar gurluşa goşmaça agram salyp biler.

Täze köpri 600 metrlik esasy aşyrymy bolan ilkinji beton desga öwrüldi. Hünärmenleriň pikiriçe, bu taslama şeýle uzyn aşyrymly köprüleri gurmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.