ABŞ-da howadaky çygdan elektrik toguny öndürýän diwar kagyzy döredildi

Düýn, 20:021,248

Bingemton uniwersitetiniň alymlary howadaky çygdan elektrik toguny öndürip bilýän diwar kagyzyny işläp taýýarladylar.

Barlagçylaryň pikiriçe, tehnologiýa üçekde gurnalýan fotoelektrik ulgamlaryň içerdäki görnüşine öwrülmeli.

Bu ulgamyň işleýiş ýörelgesi howadaky suw molekulalaryny özüne siňdirmäge esaslanýar. Çyglylyk ionlaryň materialyň içinde hereket etmegine ýardam edýär, onuň başga bir bölekde bugarmagy bolsa diwar kagyzynyň iki ýüzüniň arasynda tapawutly potensiallary emele getirýär. Şeýdibem, elektrik togy döreýär.

Muňa meňzeş enjamlar eýýäm bar, ýöne olar çyglylygyň derejesiniň howa we gün radiasiýasyna bagly ýerinde, ýagny açyk howada ulanmak üçin niýetlenendir. Içerde çyglylyk, adatça, durnukly bolup, ol 30–60%-e golaýdyr. Howadaky çyglylygy adamlaryň demi, nahar bişirilmegi we suwa düşülmegi has hem ýokarlandyrýar.

Tehnologiýany interýere uýgunlaşdyrmak üçin, barlagçylar çyglylygy siňdirýän we bugardýan iki zolakly tekiz gurluşy döretdiler. Bu gurluşy taýýarlan hünärmenler çap platalaryndaky mikroshemalardan ylhamlanypdyrlar. Materialyň gyralaryndaky gliserin çyglylygy özüne siňdirýär, merkezde ýerleşýän mum nagyşly poliwinilpirrolidon gurluşy bolsa onuň çykmagyny we bugarmagyny kadalaşdyrýar.

Şeýle gurluş çyglylygyň geçişini has gowy gözegçilikde saklaýar we netijede, energiýanyň durnukly önmegini üpjün edýär. Bu ulgamyň kuwwaty entek diňe daşky gurşawyň sensorlary ýaly kiçeňräk enjamlara ýetýär. Şonuň ýaly-da synag wagtynda barlagçylar simsiz klawiatura hem zarýad bermegi başardylar.

Geljekde bu tehnologiýa has uly meýdanly diwarlarda hem ulanylyp bilner. Mundan başga-da, alymlar çyglylygy kadalaşdyrmak bilen bir wagtyň özünde elektrik energiýasyny hem öndürip biljek howany guraklaşdyryjylary döretmegi göz öňünde tutýarlar.