Starship Ship 40 kosmos gämisi 24 günläp suwda ýüzenden soň, Hindi ummanyndaky Kristmas (Roždestwo) adasyna üstünlikli eltildi.
Bu Starship maksatnamasynyň taryhynda kosmosdan dolanyp gelip, suwa asuda gonandan soň, doly abat galan ýokarky basgançagyň ilkinji nusgasydyr. Ilon Mask ýanan gäminiň ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Ol suratlary «hakyky ylmy fantastika» deňedi.

Starship-iň 13-nji synag uçuşy 24-nji iyulda geçirildi. Ship 40 gämisi atmosfera girip, suwa asuda ýagdaýda dikligine gondy. Öňki uçuşlardan tapawutlylykda, ol ýarylmady we suwuň ýüzünde galdy.
Şondan soň SpaceX Recovery halas ediş topary üç hepdeden gowrak wagtyň dowamynda 52 metrlik gämini Hindi ummanynyň tupanlaryndan we güýçli tolkunlaryndan geçip süýredi. Missiýa ençeme gezek bökdençlige uçrady.
20-nji awgusta çenli Ship 40-yň ýanynda ýüzen gämiler ony Awstraliýanyň Kristmas adasyndaky asuda suwlara geçirmegi başardy. Bu halas ediş işine kenardan ýerli ýaşaýjylar haýran galma bilen syn etdi. Gäminiň töwereginde 500 metrlik howpsuzlyk zolagy döredildi.
Bu «demiri» duzly suwdan näme üçin halas etdiler?
Gämi mundan beýläk hiç haçan kosmosa uçmaz, sebäbi deňiz duzy metallary we elektronikany iýýär. Ýöne SpaceX-iň inženerleri üçin bu biçak gymmatly olja.
Häzirki wagtda inženerler topary:
- Aşa gyzandan soň ýylylykdan goraýjy plitalaryň ýagdaýyny;
- Gidrawlikanyň könelmegini we gurluşyň umumy berkligini;
- Gäminiň geljekki görnüşlerini has-da gowulandyrmak üçin aerodinamiki kemçilikleri öwrenýär.
Asuda suwlardaky derňewden soň, SpaceX bu ägirt gämini agyr gämä ýükläp, Tehasdaky Starbase bazasyna ibermäge synanyşar.

Inženerler Ship 40 bilen meşgullanýan mahaly, SpaceX eýýäm 14-nji uçuş üçin Ship 41-i we Super Heavy tizleşdirijisini taýýarlamaga girişdi. Bu uçuşy ýakyn wagtda (mümkin, awgust aýynyň ahyryna çenli) geçirmek meýilleşdirilýär.
Flight 14-üň esasy maksady gämini diňe bir suwa gondurmak däl-de, eýsem gaýdyp gelýän ýokarky basgançagy hem Tehasdaky Mechazilla diňiniň kömegi bilen ilkinji gezek tutup görmäge synanyşmakdyr. Mundan öňki synaglarda ol aşaky basgançagy — Super Heavy tizleşdirijisini üç gezek «gapypdy».
Ilon Mask şol bir gämini gaýtadan uçurmaga 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda başlamaga tama edýär.