Aşgabatda italýan sport güni geçiriler

10.08.2026, 16:062,486

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Bütindünýä italýan sport gününe çagyrýar.

Çäre 21-nji awgustda sagat 18:00-dan 19:00-a çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Italýan sport güni «Kids Expo: Hemme zat çagalar üçin» sergisiniň çäginde «Turkmen Expo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Giriş ähli höwes bildirýänler üçin mugt.

Italýan sport güni Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň sport gymmatlyklaryny wagyz etmek we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek başlangyjynyň bir bölegidir. 

Bu ýyl şeýle çäreler dünýäniň dürli ýurtlaryndaky italýan diplomatik wekilhanalarynyň we medeni merkezleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Guramaçylar Aşgabatdaky çäräniň Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem medeni we ýaşlar dialogyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.