Liwanyň parlamenti 11-nji awgustda ýurtda ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky kanuny kabul etdi. Muny Associated Press agentligi habar berýär
Indi iş kesileninde iň agyr jeza ömürlik türme tussaglygy we zähmete çekmek borjy bilen çalşyrylar. Täze düzgünler bu kanun kabul edilmezden öň işi kesilen jenaýatlara hem degişlidir.
Ölüm jezasynyň ýatyrylmagyny parlamentiň 128 deputaty goldady.
Ses berişlikden soň, Liwan iň ýokary temmi çäresini resmi taýdan ýatyran ilkinji arap döwleti boldy. Muňa garamazdan, ýurtda 2004-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ölüm jezasyny ýerine ýetirmeklige resmi däl çäklendirme (moratoriý) hereket edýärdi.