Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdow «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna gutlag hatyny iberdi. Onuň teksti TDH agentliginiň saýtynda çap edildi.
«Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär» diýip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkanyň çäginde çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan degişli bölümleriň işlejekdigine aýratyn üns çekdi:
«„Kids Expo: ähli zat çagalar üçin“ atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin baýramçylyk çäresine öwrüler».
Döwlet Baştutany serginiň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda myhmanlary kabul eder. Bu giň möçberli çärede 100-den gowrak eksponentler, şol sanda ýerli hem-de daşary ýurtly kompaniýalar we guramalar gatnaşar.
Serginiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» kompaniýasy çykyş edýärler.