Astronomlar Akmaýanyň ýolunda iň tiz ýyldyzy tapdy

Şu gün, 11:57625
1 / 2

Alymlar Akmaýanyň ýolunda bu ýerde belli bolanlaryň arasynda iň tiz hereket edýän ýyldyzy tapdy. S301 belgili bu obýekt galaktikanyň merkezindäki super-agyr Kowus A* (Sagittarius A*) gara deşiginiň daşyndan, takmynan, sekuntda 25 müň km tizlik bilen aýlanýar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Iň ýakynlaşýan nokadynda ýyldyz bilen gara deşigiň arasyndaky aralyk Saturn bilen Günüň arasyndaky uzaklyga deňleşýär.

Barlagyň awtory, Maks Plank adyndaky Ýerden daşary fizika institutynyň (MPE) aspiranty Feliks Mangyň aýtmagyna görä, S301-iň özboluşlylygy onuň örän dar orbita boýunça aýlanyp, doly bir aýlawy bary-ýogy 8,7 ýylda tamamlaýanlygyndadyr. Şunda ýyldyz gara deşige diňe Ýerden Güne çenli aralykdan bary-ýogy 12 esse uly bolan aralyga çenli golaý gelýär.

«Bu görlüp-eşidilmedik ýagdaý» – diýip, alym düşündirýär.


Ýewropa Günorta Obserwatoriýasynyň (ESO) VLTI teleskopynyň kömegi bilen alnan suratlaryň yzygiderliligi Kowus A*-nyň töwereginde aýlanýan birnäçe ýyldyzy görkezýär. S301 ýyldyzy Kowus A* obýektine beýlekilerden has golaý gelýär; bitin çyzyk onuň eýýäm geçen orbitasynyň bölegini, nokat-nokat çyzyk bolsa mundan beýläkki ýoluny görkezýär.
ESO/Gravity/Reuters

S301-iň şeýle ýerleşişi onuň düýpli häsiýetlerini we daşky gurşawyny öwrenmäge kömek eder. MPE-niň uly ylmy işgäri we bu işiň awtordaşy Ştefan Gillessen ilkinji gezek Kowus A* gara deşiginiň aýlanyşyny göni ölçemäge mümkinçilik döreýändigini belledi.

Ozal munuň üçin azyndan 10-20 ýylyň dowamynda köp sanly ýyldyzlara syn etmek gerek bolar diýlip pikir edilýärdi. Häzir bolsa bu aňsatlaşdy: alymlaryň eýýäm 2017-nji ýyla çenli S301-iň orbitasy barada maglumatlary bar we galan zerur maglumatlary 2031-nji ýylda boljak nobatdaky iň ýakynlaşma wagtynda almaga tama edýär. Mang gara deşigiň aýlanyşyny ýakyn 10 ýylyň dowamynda ölçäp boljakdygyna umyt bildirdi.

Barlaga gatnaşmadyk London uniwersitet kollejiniň astrofizigi Ziri Ýunsi munuň örän möhüm açyşdygyny nygtaýar. Ol obýektiň Kowus A* deşigine aşa ýakyn aralyga golaýlaşýandygyny we iň ýokary derejesinde ýagtylygyň tizliginden, takmynan, 8% tizlik bilen hereket edýändigini belledi. Onuň pikiriçe, gara deşigiň aýlanyşyny ölçemek üçin orbitany ulanmak Akmaýanyň ýolunyň ewolýusiýasyna düşünmekde düýpli öňegidişlik bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.