Hytaýyň Ýunnan welaýatynynyň Niçžu derýasynyň kanýonyndaky obada ikinji aýna lift ulanmaga berildi. Dik uçuda galýan bu lift oba çagalaryna dagyň depesindäki mekdeplerine gidip-gelmäge kömek edýär diýip, ýerli «Yunnan» neşiri habar berýär.
Lifte «Fuýao basgançagy» diýip at berdiler, onuň beýikligi 288 metre ýetýär. Ol 2022-nji ýylda gurlan «Çinýun basgançagy» atly birinji liftiň edil gapdalynda guruldy. Ýaşaýjylar bu iki lifte eýýäm «asmandaky mekdep awtobusy» diýip at dakypdyrlar.
Enjamlaşdyrylan bu desga çagalara 3 sagatlyk mekdep ýoluny indi bary-ýogy 30 minutda geçmäge mümkinçilik döretdi.

Mundan öň çagalar mekdebe gitmek üçin dik gaýadaky ýodalardan dyrmaşyp, derýalardan pyýada geçmeli bolýardylar. Sebäbi oba deňiz derejesinden 1100 metr beýiklikde, mekdep bolsa dagyň çür depesinde — 1650 metr beýiklikde ýerleşýär.
Bu ýerde ýerleşýän asma ýollary bilen birlikde täze ulgam okuwçylaryň öňki howply we uzak syýahatyny ep-esli gysgaltdy.

«Fuýao basgançagy» öňki gurlan liftden 20 metr beýik, ol sekuntda 5 metr tizlik bilen hereket edýär. Diwarlary aýnadan bolansoň, içindäki adamlar ýolugra daş-töweregi synlap bilýär.
Iki lift bilelikde sagatda 1200-e golaý adamy gatnadyp bilýär. Täzesiniň işe girizilmegi olaryň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, nobaty we birinji lifte düşýän agramy azaltmaga kömek etdi.
Liftler oba ilaty üçin mugt işleýär. Çagalaryň mekdebe gitmegi we yzyna gaýtmagy üçin ýörite «ýaşyl geçelge» göz öňünde tutuldy.
Liftiň gurulmagy bu ýerlere syýahatçylary çekmäge-de kömek edýär, bu bolsa sebitiň ykdysadyýetiniň durnuklylygy üçin möhümdir.