Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministri Nikol Paşinýana we dostlukly ýurduň halkyna Ermenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany geçen 35 ýylyň dowamynda Ermenistanyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Ol ýurtlarymyzyň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarly bolmagynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi.
Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana hem-de Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Ermenistanda Garaşsyzlyk güni her ýyl 21-nji sentýabrda bellenilýär. 1991-nji ýylyň şu senesinde geçirilen referendumda ses berenleriň aglabasy ýurduň Sowet Soýuzyndan çykyp, garaşsyz döwlet bolmagyny goldady.