Serdar Berdimuhamedow Dubaýyň häkimine gynanç bildirdi

Şu gün, 09:212,760

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma onuň dogany Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz hatynda agyr ýitgi sebäpli çuňňur duýgudaşlygyny beýan etdi:

«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!».

Prezident Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we onuň maşgala agzalaryna gynanjyny we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktum 21-nji sentýabrda 76 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1958-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli Dubaý Emirligini dolandyran öňki häkim şeýh Raşid bin Said Al Maktumyň dördünji we iň kiçi ogludy. Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktum Dubaýyň polisiýasynyň we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýärdi.