Gara şapakçy Täze Zelandiýada her ýyl geçirilýän «Ýylyň guşy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik ses berijileriň sany boýunça bu ýyl täze rekord goýdy. Guş üçin 105 müň gatnaşyjydan 26 müňden gowrak adam (Täze Zelandiýanyň, takmynan, her 50-nji ýaşaýjysy) ses berdi.
Gara şapakçy (Petroica traversi) Täze Zelandiýanyň gündogar kenaryndan, takmynan, 800 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çatem adalarynda ýaşaýar. Bäsleşikde ol ikinji we üçünji orunlary eýelän uçup bilmeýän kakapo totuguşyny we ýerli laçyny yzda galdyrdy.
Birwagtlar gara şapakçy guşlaryň dünýäde iň seýrek duşýan görnüşidi diýip, The Guardian habar berýär. 1980-nji ýylda dünýäde bu guşdan bary-ýogy bäş sanysy galypdy, üstesine-de diňe bir urkaçy guş nesil berip bilýärdi. Görnüşi saklap galmak boýunça alnyp barlan tagallalaryň netijesinde olaryň sany, takmynan, 350-ä ýetirildi.
Bäsleşikdäki ýeňiş bu guşy gorap saklamaga ünsi güýçlendirmeli. Ýerli haýyr-sahawat gaznasy gara şapakçylaryň biodürlüligini saklap galmak üçin üçünji ýaşaýyş gurşawyny döretmegi meýilleşdirýär.
Guramaçylar bu gezek ses berişlige daşary ýurtlardan goşulmanyň bolmandygyny belledi. Ozal bäsleşik şeýle wakalaryň obýektine öwrülipdi: 2019-njy ýylda ýüzlerçe ses russiýaly IP-salgylardan gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda bolsa beýik britaniýaly komik Jon Oliweriň giň gerimli mahabat çäresinden soň, puteketeke guşy ýeňiş gazanypdy.