Wenesiýa syýahatçylar üçin 5-10 ýewrolyk ýygymy 50-ä çenli galdyrjak bolýar

23.09.2026, 09:061,466

Wenesiýanyň häkimiýetleri şäheriň taryhy bölegine girmek üçin alynýan syýahatçylyk ýygymyny ep-esli ýokarlandyrmak mümkinçiligine seredýär. 2027-nji ýyldan başlap, töleg häzirki 5–10 ýewrodan 30 ýa-da 50 ýewro çenli ýokarlanyp biler.

Şäher administrasiýasynyň býujet boýunça geňeşçisi Mikele Zuin «Gazzettino» neşirine beren söhbetdeşliginde häzirki ýygymyň örän pesdigini we hemmeler üçin elýeterlidigini, şol sebäpli hem syýahatçylyk akymyny sazlamagyň başartmaýandygyny belledi.

Bu çäräniň esasy maksady şähere gysga wagtlyk gelýän we şäher infrastrukturasyna aşa agram salýan bir günlük syýahatçylaryň (italýan dilinde «mordi e fuggi» — dişle-de gaç) akymyny çäklendirmekdir. «Il Fatto Quotidiano» neşiriniň bellemegine görä, Mikele Zuin hökümete tölegi ýokarlandyrmak haýyşy bilen ýüzlendi, ýöne maksadyň gazanç etmek däldigini we meseläniň 5–10 ýewro möçberindäki tölegiň syýahatçylara totadyjy täsiriniň ýokdugy bilen baglanyşyklydygyny nygtady.

Ýygym 14 ýaşdan uly bolan we şähere diňe bir günlük gelýän syýahatçylar üçin hökmanydyr. Olar üçin şäheriň resmi portalyndaky senenamada «gyzyl» reňk bilen bellenilen, syýahatçylyk akymynyň iň ýokary günlerinde tölegli giriş girizilýär. Eger syýahatçy Wenesiýanyň myhmanhanasynda gijesine galýan bolsa, ol bu ýygymdan boşadylýar we diňe myhmanhana salgydyny töleýär.

Synag tapgyry tamamlanandan soň, töleg ulgamy 2027-nji ýylda hemişelik giriziler. Häkimiýetler diňe bir nyrha täzeden seretmek bilen çäklenmän, eýsem tölegli günleriň senenamasyny hem giňeltmegi meýilleşdirýär. Zuin çekişmelerde 50 ýewro möçberindäki mukdaryň hem agzalandygyny, ýöne «girişiň» soňky bahasynyň merkezi hökümet bilen ylalaşylmalydygyny belledi.