22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga we goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, parlamentara we ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini nygtady. Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermek tejribesiniň üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Serdar Berdimuhamedow oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli çäreler barada belläp geçdi. Hususan-da, 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, 9-njy oktýabrda bolsa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynyň bu halkara çäreleriň ähmiýetini artdyrjakdygyny belledi.
Özbegistanyň Prezidenti geçiriljek sammitleriň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, halkara forumlara gatnaşjakdygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdyklaryny nygtap, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.