Bulary indi nädip sürmeli?: Lexus RZ we RX modellerini sýurrealistik heýkele öwürdiler

23.09.2026, 17:3513,337
1 / 11

Bruklinde ýerleşýän MSCHF art-topary Lexus bilen bilelikde seriýaly krossowerler — RZ 450e we RX 450h+ esasynda iki sany awtoulag heýkelini döretdi. MOTOMORPHOSIS atly taslama 24–26-njy sentýabr aralygynda Nýu-Ýorkdaky Chelsea Industrial sergi toplumynda görkeziler.

Birinji eser "Circle Car" diýlip atlandyrylýar we elektrik Lexus RZ 450e esasynda döredildi. Awtoulagyň gabarasy doly ýapylmadyk halka görnüşinde egreldilip, onuň öňki bölegi yzky bölegine bakyp durar ýaly edildi.

Ikinji eser zarýad berilýän gibrid Lexus RX 450h+ esasynda döredildi. Onuň gabarasy uzynlyk oky boýunça spiral görnüşinde towlanyldy.

Iki eseriň hem dizaýnynyň hereket edýän ýaly görünmegi üçin predmetleriň şekilini ýöriteläp üýtgedýän 3D animasiýa usullary ulanyldy.

Serginiň dowamynda adaty awtoulaglar olaryň şekili üýtgedilen sungat görnüşleri bilen bile görkeziler.

MSCHF bu görnüşdäki eserleri adaty "Concept Cars" düşünjesine garşy goýup, olary "Form Cars" diýip atlandyrýar. Awtorlaryň pikiriçe, adaty awtoulag giňişlikde hereket etmek üçin niýetlenen bolsa, olaryň döreden bu heýkelleri statik (gymyldysyz) ýagdaýda hereketi şekillendirýär.