Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly gowşuryldy

Düýn, 21:365,291

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly gowşuryldy. Bu barada şu gün «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dabaraly çäre Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, «Oguz han» köşkler toplumynda geçirildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň degişli Kararyny okady.

Medal döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurduň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de döwletiň halkara abraýyny belende galdyrmaga goşan uly goşandy üçin gowşuryldy.

Hökümet agzalarynyň adyndan Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow gutlady. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutany gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýubileý medalynyň berilmegini bütin türkmen halkyna gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini belledi.

Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutany hemmeleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlap, Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.