Arkadag şäherinde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Düýn, 15:417,058
1 / 3

Düýn Arkadag şäherinde Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli häzirkizaman amatlyklaryny özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar we myhmanlar gatnaşdy.

Şäheriň medeniýet we sungat işgärleri täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalary joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylady.

Dabarada çykyş edenler bu ajaýyp pursatyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy baradaky aladalarynyň miwesidigini nygtady. Açarlary alan bagtyýar raýatlar ýurt ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, olara berk jan saglyk we işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Açylyşdan soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynda döredilen amatly şertler bilen tanyşdy. Täze jaýlaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde iň häzirkizaman çözgütler ulanylyp, olar milli binagärlik ýörelgelerine we häzirkizaman talaplaryna kybap derejede enjamlaşdyryldy. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamlary, IP telewideniýe, internet we zerur durmuş tehnikalary bilen doly üpjün edildi.

Şeýle giň gerimli gurluşyklar we özgertmeler halkyň bagtyýar hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.