Boeing 737 Max uçarlarynda näsazlyk ýüze çykaryldy: awiakompaniýalar habardar edildi

Düýn, 12:543,610

Boeing kompaniýasy 737 Max uçarlarynyň programma üpjünçiliginde näsazlyk ýüze çykarandygyny we bu barada awiakompaniýalara duýduryş berendigini mälim etdi.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, näsazlyk uçaryň awtomatik nawigasiýa ulgamynyň işlemezligine sebäp bolup biler. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, mesele uçaryň uçarmanlar kabinasyndaky programma üpjünçiligi täzelenenden soň ýüze çykypdyr.

Näsazlyk gonuş wagtynda uçarmanlar uçuşy bes edip, täzeden ýokary galandan soň, uçuşyň öňünden meýilleşdirilen ugruny üýtgeden ýagdaýynda ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýda uçarmanlardan awtopilotyň käbir mümkinçiliklerinden peýdalanman, uçary el bilen dolandyrmak talap edilip bilner.

Hünärmenler bu ýagdaýyň, esasan-da, uçuşyň pes beýiklikde amala aşyrylýan we howa şertleriniň çylşyrymly bolan wagtynda, uçarmanlaryň iş ýüküni artdyryp biljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Boeing kompaniýasy, awiakompaniýalar we degişli gözegçilik edaralary meseläniň gerimini hem-de onuň uçuşlaryň howpsuzlygyna ýetirip biljek täsirini öwrenýär.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa ýüze çykarylan näsazlygyň uçuşa howp salmaýandygyny duýdurdy we awgust aýynyň ahyrynda bu mesele barada uçarlary ulanýan kompaniýalara habar berip, programma üpjünçiliginiň öňki görnüşine dolanmagy maslahat berdi.

Boeing-iň wekilleri bu mesele boýunça alnyp barylýan işleri ýörite teswirledi:

«Biz uçarlary ulanýan kompaniýalara şeýle ýagdaýlardan howpsuz çykmak boýunça uçarmanlar üçin hereket edýän görkezmeleriň ýeterlikdigini tassyklaýan maglumatlary iberdik. Inženerlerimiz bu meseläni doly aradan aýyrmak üçin programma üpjünçiliginiň täze görnüşiniň üstünde işleýär».

Häzirki wagtda programma üpjünçiliginiň näsaz görnüşi gurnalan uçarlaryň takyk sany belli däl.

Mundan öň ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi (FAA) Boeing 737 Max uçarlarynyň ýüzlerçesini gabarasynyň (fýuzelýažynyň) çat açmak howpy sebäpli barlamagy talap edipdi. Bu talap 737 Max 8, Max 9 we 737-8200 görnüşlerine degişli bolup, ABŞ-da 471 uçaryň, dünýä boýunça bolsa ýene-de 1429 uçaryň barlanmagy göz öňünde tutulýar.