111 tonna ýük bilen 8700 km ara geçmäge ukyply Airbus A350F ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

Düýn, 11:084,892

Fransiýanyň Tuluza şäherinde täze Airbus A350F ýük uçarynyň ilkinji synag uçuşy geçirildi. Uçaryň güwänamalaşdyryş synaglarynyň çäginde jemi 400 sagada golaý uçuş geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Uçaryň işlenip taýýarlanylmagy, takmynan, bäş ýyl dowam etdi.

Synaglar tamamlanandan soň, Airbus Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginden (EASA) şahadatnama almagy meýilleşdirýär. Bu bolsa uçaryň ilkinji tapgyrynyň müşderilere tabşyrylmagyna ýol açar. Ilkinji uçarlaryň 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda gowşurylmagyna garaşylýar.

Kompaniýa eýýäm A350F uçary üçin 115 sargyt aldy.

Uçar A350 kysymynyň esasynda döredilip, ýörite ýük daşamak üçin işlenip taýýarlanyldy. Ol 111 tonna çenli ýüki 8700 kilometre çenli aralyga daşap bilýär.

A350F-iň beýleki ýük uçarlaryndan esasy tapawutlarynyň biri — onuň baş gatynda ini, takmynan, 4,4 metre ýetýän iň uly ýük gapysynyň bolmagydyr. Bu uçara diňe bir adaty ýük konteýnerlerini we tagtalary däl, eýsem has iri ölçegli ýükleri hem kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Le Figaro neşiri bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň bellemegine görä, Ýewropanyň Airbus konserni A350F bilen dünýäniň ýük uçarlary bazarynyň 50 göterimine eýe bolmagy maksat edinýär. 1970-nji ýyllardan bäri bu bazarda ABŞ-nyň Boeing kompaniýasy 777F we 747F kysymly uçarlary bilen agdyklyk edýär.