Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk toýuna gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýeli işewür Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Ol Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanan «Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» senagat pudagynda bilelikdäki täze taslamalara giň ýol açjakdygyny nygtady.
Duşuşykda ýokary derejeli hyzmatdaşlyga türk kompaniýalarynyň, şol sanda «Çalyk Holding» kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasy barada aýdyp, onuň goňşy döwletlere, şol sanda Türkiýe Respublikasyna elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berjekdigine ünsi çekdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän toplumyň hem ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýalar toparynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.