Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler baýramçylyk feýerwerki bilen jemlendi

Şu gün, 04:15176
1 / 4

Aşgabatda badalga alyp, Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Aşgabatdaky esasy baýramçylyk dabarasy «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň, tanymal we ýaş artistleriň hem-de folklor-tans toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti geçirildi. Çykyş edenleriň arasynda Züleýha Kakaýewa, Hemra Rejepow, Gülşat Gurdowa, Eldar Ahmedow we Begenç Çaryýew ýaly ýurduň belli aýdymçylarydyr estrada ýyldyzlary hem bar. Dabaraly çykyşlarda ýurtda alnyp barylýan beýik işler, türkmen topragynyň we tebigatynyň gözelligi, adamzat gymmatlyklary we söýgi wasp edildi.

Konserte gatnaşyjylar bilen bilelikde ýerine ýetirilmeginde ýaňlanan buýsanç aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemlenmesi boldy. Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabara Aşgabadyň gijeki asmanyny bezän ajaýyp baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlandy.

Arkadag şäherinde hem Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy aýdym-sazly dabaralar bilen bellenildi. Bu ýerde Baş baýdak meýdançasynda Döwlet tugy belende galdyryldy. Soňra baýramçylyk dabarasy täze şäheriň Oguz han seýilgähinde joşgunly aýdym-sazlar we tans hem folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Sungat ussatlary ýurduň gazananlaryny we halkyň bagtyýar durmuşyny beýan edýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdi.

Geçirilen giň gerimli dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň, ýeňişleriniň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, şeýle-de ýurt ýolbaşçylarynyň tagallalary bilen durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.