28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoýy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi, ony Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Myhman Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda iş alyp barmagy üçin döredilýän mümkinçiliklere hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoýyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Serdar Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendigini belläp, “Toyo Engineering Corporation” bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady. Muňa kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda iri gaz-himiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup, ulanmaga berilmegi aýdyň mysaldyr.
Şeýle hem Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň we senagat pudagyndaky özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy, işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Eiji Hosoi türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol kompaniýa bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.