22 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda geçirilýän XX Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 110 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.
Ýaryşyň jemleýji bäsleşigi 29-njy sentýabrda «Nagoya City Trade and Industry Center» toplumynda geçirildi. Şahzadbek silterläp götermekde 188 kg agramly ştangany galdyrdy, itekläp götermekde bolsa 222 kg agramy almagy başardy. Şeýlelikde, ol jemi 410 kg netijäni görkezip, erkekleriň arasynda Aziadanyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.
Türgeni milli ýygyndynyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradow taýýarlady.

Ýaryşyň altyn medalyny 423 kg umumy netije bilen özbegistanly Akbar Juraýew aldy. Ol silterläp götermekde 197 kilogramy galdyryp, täze dünýä rekordyny goýmagy başardy. Itekläp götermekde-de 226 kg netije bilen Oýunlaryň rekordyny täzeledi.
Bürünç medaly 405 kg (185+220) bilen Hytaýyň wekili H.Lýu eýeledi.
Şahzadbek Mätýakubowyň gazanan bu baýragy häzirki Oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndysynyň eýelän ikinji medaly boldy. Mundan öň karate boýunça 75 kg çenli agram derejesinde Dawut Nazmyradow kümüş medal alypdy.
Ýaponiýadaky Oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndysyna 57 adam, şol sanda sportuň sekiz görnüşi boýunça 34 türgen wekilçilik edýär.