GDA ýurtlarynyň IV we V oýunlary, degişlilikde, Gyrgyzystanda we Ermenistanda geçiriler. Degişli çözgüt Gazagystanyň Almaty şäherinde GDA agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň mejlisinde resmi taýdan tassyklandy.
Mejlis 27-nji sentýabrda Almaty şäherine «Arkalaşygyň sport paýtagty – 2026» diýen derejäni tassyklaýan şahadatnamany gowşurmak dabarasyndan soň geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasynda bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurda ýerine ýetirilen işleri tanyşdyrdy, tejribe alyşdy hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna we bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrmak meselelerine seretdi.
Şeýle hem mejlisde nobatdaky oýunlaryň geçiriljek ýerleri tassyklandy. GDA ýurtlarynyň IV oýunlaryny 2027-nji ýylda Gyrgyzystan kabul eder, Bişkek bolsa «Arkalaşygyň sport paýtagty – 2027» adyny alar. 2029-njy ýylda GDA ýurtlarynyň oýunlary Ermenistanda geçiriler. Şol ýyl Ýerewan şäheri Arkalaşygyň sport paýtagty bolar. Oýunlaryň çäklerinde Ermenistanda GDA agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem geçiriler.
Ýatlap geçsek, GDA ýurtlarynyň III oýunlary 2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçirilipdi.