2026-njy ýylyň 26-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Abu-Dabi şäherinde Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresi geçirildi. Her bäş ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri göwrümli çärä onlarça ýurduň wekilleri, şol sanda adalat we içerki işler ministrleri ýygnandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, forumda türkmen wekiliýetine Baş prokuroryň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.
Ýokary derejeli duşuşykda çykyş etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumy gurandyklary üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligine (UNODC) hem-de BAE-niň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Ol öz çykyşynda «ýurduň milli syýasatynyň kanunyň hökmürowanlygyna we jenaýatçylygyň öňüni almagyň ileri tutulmagyna esaslanýandygyny» belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň korrupsiýa, adam söwdasyna garşy göreşmekde we halkara hukuk kömegini bermekde merkezi ygtyýarly edara hökmünde çykyş edýändigi bellenip geçildi.
Forumda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan döwlet strategiýalary, ýagny Adam söwdasyna we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Milli hereket meýilnamalary hödürlendi.
Gatnaşyjylar jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreşmäge hem-de UNODC, GlobE ulgamy we Ýewraziýa topary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berdi.
Duşuşygyň esasy netijesi Abu-Dabi Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy. Resminama kiberjenaýatçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşden başlap, emeli aňyň jogapkärli ulanylmagyna we ejir çekenleriň hukuklaryny goramaga çenli geljekki bäş ýyl üçin adalatlylyk we howpsuzlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär.
Jarnamany durmuşa geçirmek üçin «Pledge4Justice» başlangyjy ýola goýuldy.