Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde guýulary düýpli abatlamak we lagym infrastrukturasynyň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşik iki lota bölünýär:
Lot № 1 — Türkmenabat şäherindäki 50 sany dik guýyny düýpli abatlamak we ýene-de 50 sany täze dik guýyny gurmak.
Lot № 2 — lagym arassalaýyş desgalarynyň, stansiýalarynyň we ulgamlarynyň durkuny täzelemek, şeýle hem täze lagym desgalaryny gurmak.
Gyzyklanma bildirýän guramalardan haýyşnamalar we teklipler 2026-njy ýylyň 16-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär.
Resminamalary tabşyrmak üçin salgy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 84.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77 / 44-46-64.